Hukuklary bellige aldyrmak üçin online nobat
DÖWLET SANAWYNDAN GÖÇÜRME SARGYT ETMEK
Kepilnama sargyt etmek
Şahadatnamalaryň öwezligini almak
Gullugyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň kabul edişligine ýazylmak
Ýüze çykýan soraglar boýunça telefon aragatnaşyk serişdeleri arkaly hukuk maslahatyny almak
Gulluk tarapyndan hasaba alnan Eýesiz galan gozgalmaýan emläkleriň sanawy

    Hukuklaryň bellige alynmagy - bu gozgalmaýan emlägiň obýekti, oňa bolan hukuklary we hukuklaryň borçlanmalary, şeýle hem hukuk eýeleri barada ýazgylaryň Döwlet sanawyna girizilmegi, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan ykrar edilmegi hem-de bu hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalarynyň döwlet tarapyndan goralmagy bolup durýar.

   Hukuklaryň bellige alynmagyny Gullugyň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.

       Göçürme-  bu geçirilen bellige alyş hakynda we gozgalmaýan emläge bolan bellige alnan hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary barada maglumat.

      Bellige alyş kitabyndan geleşigiň notarial taýdan tassyklanylmagy üçin berlen göçürmede "Geleşigiň notarial taýdan tassyklanylmagy üçin berlen" diýen ýörite bellik bolmalydyr hem-de ol berlen gününden başlap 30 senenama gününiň dowamynda hakyky güýjündedir.

       Kepilnama – bu hukugyň we geleşigiň Döwlet Sanawynda bellige alynandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan maglumat bolup durýar.
       Öň resmileşdirilen, emma häzirki wagtda ýok bolan (ýitirilen, zaýalanan we beýleki ýagdaýlarda) şahadatnamalaryň öwezlikleriniň (göçürmeleri, nusgalary) berilmegi Hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky Gulluk we onuň ýerli edaralary tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary aýratynlykda her hepdäniň bellenilen günleri, bellenilen wagtyň dowamynda raýatlaryň Onlaýn ýüztutmalary boýunça kabul edişligi amala aşyrýarlar.

       Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň jogapkär şahslary tarapyndan gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň bellige alynmagy bilen bagly ýüze çykýan dürli soraglar, meseleler boýunça telefon aragatnaşyk serişdeleri arkaly ýüz tutýan şahslara, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuk maslahatlary berilýär.
       Eýesiz galan gozgalmaýan emläk şonuň ýerleşýän ýeriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň arzasy boýunça Gulluk we Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan hasaba alynýar.